Across
- 1. Daşdaky zatlara seretmek üçin iki sany aýnaly turbajyklardan ybarat, elde göterilýän optiki gural.
- 4. Ýoluň ýokary galyp gidýän ýeri, ýapy ýokary.
- 5. Ýaýa salyp atmak üçin palçykdan ýasalyp guradylan togalajyk kesek.
- 7. Omrulyp ok salynýan tüpeň, döwme.
- 9. Aw awlamak bilen meşgullanýan adam.
- 10. Adamyň ýa-da haýwanyň köp gatnaw etmegi netijesinde emele gelen inçejik ýoljagaz.
- 14. Gurşundan ýasalyp, tüpeň bilen atylýan togalak ok.
- 15. Adamyň ýa-da haýwanyň aýagynyň ýerde galdyran sudury, aýagynyň şekili.
- 16. Guş tutmak üçin agaçdan ýasalýan emeli duzak.
- 17. Sazagyň, ojagyň ýogyň ýeri, düýbi.
- 18. Käbir haýwanlary aldap tutmak üçin gapana, çeňňegiň ujuna dakylýan et, çörek we ş.m. zatlaryň bölegi.
- 19. Üstüne basan ýabany haýwanlary gapjap tutýan demir gural.
- 21. Elde eklenilip, awa salynýan ýyrtyjy guş.
- 23. Gapanyň, çirtmegiň diliniň ildirilýän kertijegi.
- 25. Gapana dakmak ýa-da guýa gaçan gowany almak üçin ýüpüň ujuna dakylýan üç-dört dişli kiçijik labyr şekilli ilgençek.
- 26. Gapanyň ýaý görnüşindäki iki ýana açylýan bölegini açmak üçin üstünden basylýan ýaý berip duran demir.
- 28. Dagyň gaýasyndaky aýlaw-aýlaw ýoda şekilli gurşawlar, zolak-zolak gat.
- 29. Dagda deräniň gutaran ýerindäki uçut, kert ýer.
- 30. Tilki, şagal we ş. m. haýwanlaryň ýer gazyp ýaşaýan giň hini.
- 32. Tutaşyp ýanyp başlamak.
- 33. Kiçijik guşlary tutmak üçin ýörite edilýän hepbigiň bir görnüşi.
Down
- 1. Guşy ýa-da ýabany haýwanlary tutmak üçin gurulýan tilsim.
- 2. Ýanyň bilen göterilýän kiçijik suw gaby.
- 3. Elguşa aw öwredilende bulaýlanýan ýüzi bölejik gyzyl mataly akja keçe.
- 5. Iki nilli tüpeň.
- 6. Aw awlamak üçin taýýarlanan ýer.
- 8. Tüpeňiň gulagy.
- 11. Çölde ýaşaýan, ýabany haýwan.
- 12. Balyk tutulýan gural.
- 13. Gury ýerdäki ýabany haýwanlaryň we süýreniji jandarlaryň ýeri gazyp ýaşaýan, ýatýan sümelgesi, öýi.
- 14. Elguşlaryň içegesi iýmit galyndylaryndan arassalanar ýaly, guşa iýmit berlenden soň olara ýuwutdyrylýan tüýden ýa-da ýüňden ýumşajyk logala.
- 20. Aw awlanylýan ýer, awuň bol ýeri.
- 22. Dagyň, depäniň, baýryň düýbünde emele gelen ullakan çukur, uly köwek ýer.
- 23. Ýolsuz ýerlerde azaşmazlyk üçin goýulýan bellikler.
- 24. Uzyn aýakly, tumşugy uzyndan inçe aw iti.
- 26. Ýaýyň oky salnyp, eginden asylýan gap.
- 27. Ownuk balyk tutmak üçin ulanylýan gapyrjak görnüşli tor.
- 30. Käse salynýan gaýyş gap.
- 31. Balygyň etindäki inçejik uzyn süňkjagazlar.
